Milli Geňeşiň wekiliýeti Bakuwda gulluk iş saparynda boldy

  • 02.07.2022 12:33
  • 6.4k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň “Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak” atly maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Onuň jemleri barada 1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň wekiliýeti forumyň çäklerinde guralan çärelere, duşuşyklara gatnaşdy. Çykyşlarda sebit we halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy barada aýdyldy. Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilen maslahatyň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň işiniň guralyşy boýunça Düzgünnama hem-de Baku maslahatynyň Jarnamasy kabul edildi.
Şeýle hem Baku şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda dostlukly döwletara gatnaşyklary saklamakda we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça pikir alyşmalar boldy. 


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......