Türkmenistan «Dragon Oil» bilen ylalaşygynyň möhletini 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 01.07.2022 12:48
  • 25k+

30-njy iýunda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmennebit» döwlet konserni «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda şertnama gol çekdiler. Bu barada «Nebit-Gaz» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

«Täze ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 2025-2035-nji ýyllarda uly möçberde maýa goýmagy maksat edinýär, bu bolsa çig nebitiň goşmaça çykarylýan mukdaryny artdyrmaga ýardam eder» diýip, «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwan gol çekmek dabarasynyň barşynda belledi.

Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda geljek 10 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, hususan-da, «Çeleken» şertnamalaýyn çäginde ýataklary özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar. Häzir bu ÖPY-niň çäklerinde «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak «Dragon Oil» kompaniýasynyň esasy işi bolup durýar, bu ýerde kompaniýa 2000-nji ýylyň maýyndan bäri işleýär hem-de şu döwrüň içinde ABŞ-nyň 8 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy.
Ozal «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga 2000-nji ýylyň 1-nji maýynda 25 ýyl möhlet bilen gol çekilipdi, onuň möhleti 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda tamamlanýar.


düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......