«Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmekde Dragon Oil bilen hyzmatdaşlyk ediler

  • 25.06.2022 11:43
  • 16k+

24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek baradaky teklipler beýan edildi. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan şertnama barada hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


20.06.2026 11:54
4.7k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......