Kriştianu Ronaldu Binance-niň platformasynda NFT goýberer

  • 24.06.2022 22:29
  • 13k+

Kriştianu Ronaldu Binance platformasy bilen hyzmatdaşlykda NFT-niň birnäçe toplumyny goýberer. Onuň blogynda habar berlişine görä, türgen kriptowalýuta biržasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşypdyr. Kollaborasiýanyň maksady kolleksionirläp bolýan sanly predmetleri döretmekden we futbol janköýerlerini Web3 ekoulgamyna çekmekden ybaratdyr.

«Meniň üçin janköýerlerimden wajyp zat ýok, şonuň üçinem olara şu NFT-platformasynda seýrek duşýan tejribäni edinmäge mümkinçilik döretmek isleýärin» - diýip, Ronaldu belleýär.

Ýylyň ahyrynda goýbermäge niýetlenen birinji kolleksiýada kriptoplatformanyň futbolçy bilen bilelikde işläp taýýarlan, gaýtalanmajak dizaýnly NFT-ler bilen tanyşdyrylar.  Binance-yň topary futbolçynyň muşdaklaryna «kumirleri bilen aragatnaşyk saklamaga özboluşly, gaýtalanmajak mümkinçilikleri» berer diýip, Binance-yň CEO-sy Çanpen Çžao belledi.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

15.12.2025 17:31
13k+

Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy...

17.06.2025 19:14
19k+

Kriştianu Ronaldu Trampa öz awtografy we parahatçylyk ýüzlenmesi bilen köýnekçe iberdi

“Altyn topuň” bäş gezek eýesi Kriştianu Ronaldu ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa şahsy ýüzlenmesi bilen goly goýlan Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini berdi. Sowgat Kanadada geçirilen G7 sammiti wagtynda Ýewropa geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta tarapyndan gowşuryldy...

12.04.2025 16:15
11k+

Kriştianu Ronaldu we Mettýu Won bilelikde kinostudiýa döretdiler. Eýýäm üç taslamanyň üstünde işleýärler

Futbolçy Kriştianu Ronaldu bilen režissýor Mettýu Won bilelikde UR•Marv atly garaşsyz kinostudiýany döretdiler. «Variety» neşirine görä, olar eýýäm iki filmi maliýeleşdirip, prodýuserligini alyp barýarlar, häzir...