Medeniýet hepdeliginiň 2-nji gününde hem dürli çäreler guraldy

  • 24.06.2022 10:36
  • 4.8k+

23-nji iýunda Mary welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam etdi.

Bu giň möçberli döredijilik çäresi säher bilen “Zehinlije körpe” atly çagalar toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary bilen başlandy. Aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdyrylan çykyşlar oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Medeni forumyň çäklerinde Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň we Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Onda türkmen we daşary ýurt nusgawy sungatynyň eserleri ýerine ýetirildi. Çykyş edenler özleriniň zehinlerini, ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Bu bolsa tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şeýle hem sazçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen wokal sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.
Soňra däp boýunça geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda dowam etdi. Bu ýerde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen “Hajygolak” hem-de “Bakyş” atly filmleriň görkezilişi boldy. Soňra medeni çäreler welaýatyň Ýolöten ertabynyň çägindäki däp-dessurlar geçirilýän Baba Gammar toplumynda dowam etdi. Bu ýere ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnanyp, aýdym-sazyň pirini hatyraladylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Gözel Şagulyýewa bilen geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy.


11.05.2026 22:59
1.1k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 22:58
6.9k+

«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi täze sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Mary welaýatyndaky «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tejribeli......