Medeniýet hepdeliginiň çäginde halkara mediaforum geçirildi

Medeniýet hepdeliginiň çäginde halkara mediaforum geçirildi

22-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Mary” myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde halkara mediaforum geçirildi. Ol milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistleri, jemgyýetçilik işgärlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar toparyny bir ýere jemledi. 

Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýanyň “ITAR-TASS” habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, “Russia Today” teleýaýlymynyň baş direktory Alekseý Nikolow, “TRT-niň” Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer, “Azerbaýjanyň telewideniýesi we radiosy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Rafik Gaşymow we beýlekiler boldy. Mediaforumyň esasy meselesi halkara hyzmatdaşlykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny baradaky mesele boldy. Şeýle hem gün tertibine ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatynda ata Watanymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek, halkymyzyň baý mirasyny geljekki nesillere ýetirmek, milli ruhy we ahlak däpleriniň hem-de maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygy baradaky meseleler girizildi.
Foruma sanly ulgam arkaly Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), TASS-nyň, “CGTN-Russian” hytaý mediakorporasiýasynyň, «Korean Broadcasting System», “Sony Middle East and Africa FZE” kompaniýalarynyň, Türkiýäniň «TRT World» teleýaýlymynyň, “Russiýa 24”, “Russia Today” habarlar teleýaýlymlarynyň, «Setanta Sports», “Mir” halkara telekompaniýalarynyň wekilleri we beýlekiler goşuldylar.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistan gazanylan köp sanly hökümetara ylalaşyklaryň esasynda dünýäniň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly halkara mediagiňişlige işjeň goşulyşýar. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda dürli ýurtlaryň öňdebaryjy habarlar agentlikleri we teleradio kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyklardyr ähtnamalar, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigine agza bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Günüň ikinji ýarymynda Mary welaýat kitaphanasynda “Arkadagyň dowamaty dowamdyr” ady bilen iş maslahaty we şygryýet agşamy geçirildi. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary döredijilik maksatnamasynyň dowamy boldy.