Türkmenistanyň Prezidentine Pakistanyň ýolbaşçylaryndan minnetdarlyk hatlary gelip gowuşdy

  • 21.06.2022 11:32
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Pakistanyň ýolbaşçylaryndan minnetdarlyk hatlary gelip gowuşdy. Olarda Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatlary üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirilýär.

"Pakistan Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak ýörelgelerine daýanýar. Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygynyň hem-de ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň ilerledilmegi bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa tutuş sebitiň gülläp ösmegine we abadançylygyna ýardam eder" diýip, Prezident Arif Alwi hatynda belleýär.

Premýer-ministr Muhammad Şabhaz Şarifiň hatynda bolsa: "Pakistanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmaga berk ynanýandygyny tassyklamak isleýärin. Siziň bilen, aýratyn-da, söwda we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklarymyzy giňeltmäge umyt edýäris. Iki ýurduň arasynda energetika we beýleki taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň Günorta hem-de Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda umumy garaýşymyzyň durmuşa geçirilmeginde bizi ýakynlaşdyrjakdygy baradaky pikiriňizde Siziň Alyhezretiňiz bilen doly ylalaşýaryn" diýlip bellenilýär.


şu gün 11:38
212

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...

düýn 13:59
1.4k+

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berýär...