Serdar Berdimuhamedow CNPC-niň ýolbaşçysy bilen gaz hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

  • 21.06.2022 11:31
  • 13k+

20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezident hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň ajaýyp nusgasydygy nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen “mawy ýangyjynyň” Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijisini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň miwesidir.
Taslama ähli gatnaşyjylaryň — önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutýan XXI asyryň bu ägirt uly taslamasy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna “CNPC-niň” ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi. “CNPC-niň” “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň esasynda türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Şunda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.
“CNPC-niň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynda “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň 18-nji iýunda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hem-de energetika ulgamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu ileri tutulýan ugurdaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň başlangyçlary — Hytaýyň öňe sürýän “Bir guşak — bir ýol” konsepsiýasy hem-de Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça amala aşyrýan strategiýasy bilen baglylykda uly geljeginiň bardygy bellenildi. Işewür hytaýly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.


17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...