Serdar Berdimuhamedow Ebrahim Raisi bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi

  • 16.06.2022 07:52
  • 7.8k+

15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

 Köşgüň ikiçäk duşuşyklar zalynda açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Daşary syýasat, ilkinji nobatda, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny pugtalandyrmak, iri halkara guramalaryň çäklerindäki özara hereketleri işjeňleşdirmek, serhet ulgamy, Hazar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy anyk ugurlar bilen baýlaşdyrmak, taraplaryň owgan meselesine çemeleşmeleri, oba hojalygy we suw pudagy boýunça bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen bagly meseleler ýokary derejeli türkmen-eýran gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, ýurtlaryň ulag mümkinçiliklerini işjeň herekete getirmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak ugrunda tagalla etmek, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň üçünji ýurtlara iberilmegini ýola goýmak ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-eýran ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek bilen bagly anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň yzysüre iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......