Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasy Berlinde çäre gurady

Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasy Berlinde çäre gurady

Golaýda Berlinde Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasy Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi. Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynyň “Lihthof” galereýasynda geçirilen bu çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Germaniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik-ylmy guramalarynyň we nemes kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barad TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi B.Rejepow bu möhüm senä bagyşlap çykyş etdi. Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy boýunça wekili Matias Lütenberg öz çykyşynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini, söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň geljeginiň, medeni-ynsanperwer, ylmy we bilim gatnaşyklarynyň, raýat jemgyýetleriniň arasyndaky dialogyň ähmiýetini belledi.
Çykyşlardan soňra, myhmanlara Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.