Serdar Berdimuhamedow harby mekdepleriň uçurymlaryny gutlady

  • 11.06.2022 15:07
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna 2021-2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Siz eziz Diýarymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik harby gullugyňyzda pugta berjaý etmegi, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini, milli gymmatlyklarymyzy hem-de bähbitlerimizi goramagy, türkmen jemgyýetinde kanunçylygy, hukuk tertibini has-da pugtalandyrmagy mukaddes borç hasaplamalysyňyz» diýip belleýär.

«Siz özüňize ynanylan tabşyryklary ýerine ýetireniňizde, şöhratly ata-babalarymyzyň halallyk, pespällik, kiçigöwünlilik, mertlik, ar-namyslylyk, watanperwerlik ýaly asylly häsiýetlerine, ahlak sypatlaryna daýanmalysyňyz. Il-günüň abadançylygy ähli zatdan ileri tutulýan mukaddes topragymyzyň mert, edermen, lebzihalal, gujur-gaýratly ogullarydygyňyzy, Oguz hanyň, Görogly begiň, Çagry begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň, Jelaleddin Menguberdiniň, Keýmir serdaryň mynasyp nesilleridigiňizi hiç wagt ýatdan çykarmaly dälsiňiz» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow harby mekdepleriň uçurymlarynyň bujogapkärli wezipeleriň hötdesinden geljekdiklerine pugta ynam bildirdi.


şu gün 13:52
369

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

düýn 19:40
10k+

Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder

Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder...

düýn 18:26
9.2k+

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy...

28.06.2025 17:30
23k+

Garabogazköl howdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu taryhy pursat Garabogazköl howdanynda oturdylansurata alyjy duzaklara düşdi. Surata...