«Real» täze hüjümçileri satyn almaz

  • 10.06.2022 16:45
  • 16k+

Madridiň «Realy» tomusky transfer döwründe täze hüjümçileri almak pikirinden el çekdi. Bu barada COPE habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, patyşalyk klubundan hüjümçiler Luki Ýowiçiň we Mariano Diasyň gidäýen ýagdaýynda-da, olaryň ornuny Borha Maýoral tutar. Ol «Realyň» düzümine kärendesinden dolanyp geler we möwsümiň öň ýanyndaky oýunlarda Karim Benzema, Winisius, Rodrigu hem-de Marko Asensio ýaly  beýleki hüjümçiler bilen bile çykyş eder.
«Real» Çempionlar ligasynyň 2021/2022 möwsüminde ýeňiji boldy. Finalda Madridiň kluby «Liwerpuly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Geçirilen ýeke-täk pökgini  Winisus Žunior öz adyna ýazdyrmagy başardy.

Mundan başga-da, Madridiň topary Ispaniýanyň çempionatynda ynamly ýeňiş gazandy. Karlo Ançelottiniň şägirtleri 38 oýundan 86 utuk toplap, ikinji orunda barýan «Barselonadan» 13 bal ozdurdylar. Şeýle-de, «Realyň» hasabynda ýurduň Superkubogy hem bar.


düýn 19:46
5.8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.2k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.1k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

düýn 17:02
4.4k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......