Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýanyň Liderini gutlady

  • 10.06.2022 07:50
  • 3.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara  ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo  tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Finlýandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.


şu gün 17:52
407

20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda birinji sammit geçiriler

20-nji dekabrda Tokio şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti geçiriler. Bu barada «Ýaponiýa — Merkezi Aziýa» Dostluk ligasynyň umumy ýygnagynda mälim edildi diýip, Kyodo News neşiri habar berýär...

şu gün 11:16
2.3k+

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi...

şu gün 10:44
530

Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi...

şu gün 10:32
4.4k+

Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Garaşylýan sapar barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşykda habar berdi...