Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady

  • 08.06.2022 08:57
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Norwegiýanyň Patyşasy Harald V we ýurduň tutuş halkyna Türkmenistan bilen Norwegiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Norwegiýa Patyşalygynyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 20:14
890

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......