Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

  • 07.06.2022 08:01
  • 21k+

6-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy.  

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar, dürli ugurlarda durmuşa geçirilen taslamalaryň onlarçasy şol hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde bilelikde işlemegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda beýan edilen wezipeler Türkmenistany 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen möhüm maksatlara hem-de wezipelere laýyk gelýär.

Hanym Amina Mohammed tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna hem-de yzygiderli ösdürilmegine öz wekilçilik edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow alnyp barylýan işlere ýokary baha berendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň strategik taýdan möhüm ugurlarda halkara tagallalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini nygtady.


düýn 09:53
1.6k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň tertibini neşir etdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini neşir etdi. 10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 17–19 mart — Türkmenistanyň...

23.12.2025 12:54
11k+

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi...

22.12.2025 22:51
10k+

Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy...

22.12.2025 22:24
9.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi...