Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezine baryp, maslahat geçirdi

  • 06.06.2022 01:28
  • 18k+

4-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şu günler merkeziň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmaga degişli alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdiler.

Bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalary makullap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze dolandyryş merkeziniň günbatar tarapynda ýerleşýän üzümçilige geldi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň meýdanyny gözden geçirip, ýetişdirilýän ekinleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirliginiň ýolbaşçysy Ç.Amanow bu künjekde müdirlige degişli 40 gektar ekerançylyk meýdanynyň bardygyny, onda köp görnüşli miweli baglaryň, şol sanda şetdalynyň dört görnüşiniň, üzümleriň kişmişlik görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini habar berdi. Ç.Amanow milli Liderimizden müdirligiň synag meýdançasynda üzümiň täze döredilen görnüşine at dakyp bermegi haýyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu künjekden Kärizek obasynyň seleňläp görünýändigini nazara alyp: «Goý, üzümiň täze görnüşiniň ady hem Kärizek bolsun!» diýdi we bu künjekde dürli miweleri, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly howa gurşawynyň hem-de suwly çeşmeleriň bardygyny aýratyn nygtady.


düýn 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......