Günorta Koreýa sanjym almadyklar üçin ýurda gelende karantini ýatyrar

Günorta Koreýa sanjym almadyklar üçin ýurda gelende karantini ýatyrar

Koreýa Respublikasynyň hökümeti indiki hepde koronawirusa garşy sanjym almadyklar ýurda gelende olar üçin bellenen karantini ýatyrar. Bu barada anna güni Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri Han Dok Su mälim etdi diýip, TASS-a salgylanýan Trend habar berýär. 

"Biz daşary ýurtdan gelýänler üçin gözegçilik ulgamyny üýtgedýäris. Şu wagta çenli daşary ýurtlardan gelýän adamlar ýedi gün karantinde bolýardylar. 8-nji iýundan başlap, sanjym alnandygyna-alynmandygyna garamazdan, bu talap aradan aýrylar" diýip, "Hangýore" gazeti premýeriň sözlerini getirýär.

Gelýänler entegem serhetde Respublikanyň çägine girmezleriniň üç gün öňüsyrasy tabşyrylan PSR-testiň netijesini görkezmelidirler diýip, ol takyklaýar. Owal Günorta Koreýanyň hökümeti Seul ýa-da BSGG tarapyndan ykrar edilen sanjymlary alanlar üçin karantini ýatyrypdy.