BMG Türkiýäniň halkara adynyň Türkiýe bilen çalşyrylmagyny makullady

  • 02.06.2022 23:35
  • 17k+

BMG Türkiýäniň ýurduň adyny daşary ýurt dillerinde hem üýtgemän, Türkiýe diýlip ýazylmagyny sorap ýüz tutan resmi haýyşyny kanagatlandyrdy. Bu barada AA-nyň habarçysyna BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik habar berdi.

Onuň sözlerine görä, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşe Türkiýäniň daşary işler ministrinden ýurduň halkara adyny üýtgetmek barada habar gelip gowşupdyr. Dýužarrik ýurduň adynyň üýtgedilmegi şu hat gowşan pursadyndan başlap güýje girýär diýip mälim etdi.
Şeýlelikde, mundan beýläk ähli halkara forumlarda we resmi hatlarda Türkiýe ady ulanylyp, ozalky etnonimler (Turkey, Turkei, Turquie we ş.m.) aradan aýrylar.


düýn 23:26
796

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.6k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......

03.05.2026 16:13
7.8k+

Türkiýede uçarmanlary taýýarlamagyň 4 ýyllyk okuwyna dalaşgärleri kabul edişlik yglan edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara bäsleşik esasynda kabul edişlik yglan......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......