Serdar Berdimuhamedow Mekgede umra haj parzyny berjaý etdi

  • 02.06.2022 09:25
  • 59k+

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli. 
...Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda döwlet Baştutany we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny (Mültezem) okadylar. Şondan soňra Arkadagly Serdarymyz we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirip başladylar.
Mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gara daşyň ýanyna barýar we Beýik Biribardan doga-dileg etdi. Soňra zyýaratçylar kaşaň metjit toplumynyň çäginde ýerleşýän Makam Ybraýym atly ýere geldiler. Serdar Berdimuhamedow hem-de wekiliýetiň agzalary mukaddes Zemzem çeşmesinden suw içdiler we Beýik Biribardan doga-dileg etdiler.
Soňra türkmen zyýaratçylary saý dessuryny ýerine ýetirdiler, ýagny Gurhanda ady geçýän Safa we Merwe daglarynyň arasynda ýedi gezek aýlandylar. Bu dessur hem sag eliňi ýokary götermekden başlanýar.
Bu dessur tamamlanandan soňra, hormatly Prezident we ýanyndaky adamlar iki rekagat nepil namazyny okadylar.
Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiziň zyýaratynyň çäklerinde mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Ilki bilen, döwlet Baştutany mukaddes Gara daşy öpüp, oňa togap etdi. Hormatly Prezidentimize üç ýerde — Muhammet pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik döredildi.
Döwlet Baştutany bu ýerde musulman dünýäsiniň asylly dessurlaryny berjaý edip, mukaddesliklere togap etdi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowa mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy. 
Mälim bolşy ýaly, haj diňe bir mukaddes ýerlere zyýarat we uly sogap işleriň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, yslamyň bäş parzynyň biridir hem-de mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin hökmanydyr, ýöne adamlaryň millionlarçasy haj üçin kesgitlenen ýörite aýda däl-de, ýylyň islendik beýleki wagtynda umra hajyny ýerine ýetirýärler. Umra we haj ýerine ýetirilenden soňra, musulmanlaryň köňli aram tapyp, ruhy taýdan päklenýär diýlip düşünilýär.


düýn 19:02
4.9k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

düýn 12:36
2.2k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

25.05.2026 11:17
8.8k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:54
6.9k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......