Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň 5 aýky işiniň netijelerine garady

  • 01.06.2022 01:59
  • 25k+

31-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew, Baş prokuror B.Atdaýew, içeri işler ministri M.Hydyrow, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew, adalat ministri M.Taganow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan ätiýaçlyga goýbermek we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýazky çagyryş möwsümi boýunça amala aşyrylýan işleriň degişli derejede, kanunçylyga laýyklykda geçirilişini berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtap, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görlüp başlanmalydygyna ünsi çekdi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip: «Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirmegi dowam ederis» diýip nygtady. 


düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......