«Çelsi» resmi taýdan Todd Boeliniň garamagyna geçdi

«Çelsi» resmi taýdan Todd Boeliniň garamagyna geçdi

Angliýanyň «Çelsi» futbol klubunyň satlyga goýulýandygy barada bildiriş edilenden üç aý geçensoň, duşenbe güni klub resmi ýagdaýda amerikaly işewür Todd Boeliniň baştutanlygyndaky maýadarlar konsorsiumynyň gözegçiligine geçdi diýip, Interfaksa salgylanýan Trend habar berýär. 

«Roman Abramowiç «Çelsi» futbol klubuny we onuň bilen bagly kompaniýalary Todd Boeliniň ýolbaşçylygyndaky maýadarlaryň toparyna we Clearlake Capital kompaniýasyna satmak işini tamamlady» diýip, klubuň saýtyndaky beýannamada aýdylýar.