Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler

  • 31.05.2022 20:28
  • 8.6k+

Tesla-nyň we SpaceX-iň eýesi Ilon Mask, Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezos we Microsoft-y dörediji Bill Geýts ýaly dünýäniň iň baý adamlary 2022-nji ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitirdiler. Şunuň ýaly kesgitlemäni Bloomberg agentligi öz sanawynda görkezýär diýip, Trend habar berýär.

29-njy maýda Maskyň baýlygy 224 milliard dollar, Bezosyňky 139 milliard dollar, Geýtsiňki hem 23 milliard dollar diýip kesgitlenildi. Milliarderler degişlilikde sanawyň birinji, ikinji we dördünji setirini eýeleýärler. Üçünji ýeri 133 milliard dollarlyk baýlygy bilen Louis Vuitton Moёt Hennessy Arno eýeledi.
Soňky bäş aýyň dowamynda Tesla-nyň we SpaceX-iň eýesi 46,4 milliard dollar, Microsoft-y esaslandyryjy 15,1 milliard dollar, Bernar Arno bolsa 44,7 milliard dollar ýitirdi. Iň köp ýitgini Amazon-y dörediji  çekdi, onuňky 53,2 milliard dollara barabar boldy.
Baýlaryň birinji bäşligine girýänleriň içinde diňe Berkshire Hathaway-iň baş direktory Uorren Baffatte kapitalyny artdyrmak başartdy, onuň baýlygy 6,54 milliard dollar bolanlygyndan 115 milliard dollara ýetdi.


15.02.2026 09:51
6.2k+

Dünýäniň iň baý adamy özüniň hususy "X Money" töleg ulgamyny tanyşdyrdy

Ilon Mask özüniň X (ozalky Twitter) sosial ulgamynyň bir bölegine öwrüljek X Money atly täze maliýe platformasyny hödürledi. Bu taslama telekeçiniň ozal hem aýdyp geçişi ýaly, ähli hyzmatlary özünde jemleýän "super-app" (super goşundy) döretmek strategiýasynyň iň möhüm bölegi hasaplanýar...

12.02.2026 17:27
1k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr...

05.02.2026 22:58
3.1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

26.01.2026 10:10
750

ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi

Ýewropa guramalary W Social atly täze sosial tory işe girizdiler. Onda ähli ulanyjylaryň şahsyýeti resminamalar we fotosuratlar arkaly hökmany tertipde tassyklanylmak şerti hereket edýär.  Politiken neşiriniň habar bermegine görä, beýle ädim täze platformany botlardan we anonim hasaplardan goramak üçin gerek...