Haly baýramy mynasybetli ussat halyçylar sylaglanyldy

Haly baýramy mynasybetli ussat halyçylar sylaglanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 29-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzyň ussat halyçylaryny sylaglamak dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen halylaryň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak dabarasy boldy.

Dabarada taryhy-medeni mirasy saklamakda, türkmen halkynyň däplerini nesilden-nesle geçirmekde we ýaşlary terbiýelemekde milli halyçylyk sungatyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen konsert pudagyň işgärleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.