Şu gün Daşoguzda täze hassahanalaryň birbada 2-si açylýar

  • 27.05.2022 08:59
  • 13k+

Şu gün Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlup ulanmaga berilýär. Bu barada Hökümetiň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman innowasion enjamlary bilen üpjün edilen täze lukmançylyk edaralary ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde, dürli keselleriň öňüni almakda hem-de olary bejermekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygyny berkitmek hem-de abadançylygyny ýokarlandyrmak alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hemişe möhüm ugry bolar, muňa dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş desgalarynyň 2-siniň ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär diýip aýtdy.


düýn 16:07
6.3k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

düýn 15:54
3.9k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
4.9k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.9k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....