Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-ly işewürler bilen gepleşikleri geçirdi

  • 26.05.2022 12:55
  • 10k+

25-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy. 

Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleri bilen ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
“Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň işi, hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmek boýunça meýilnamalar, ileri tutulýan ugurlarda özara gyzyklanma bildirilýän, hususan-da, energetika, maliýe ulgamlarynda, oba hojalygynda we sanly ulgamda, sport ugry boýunça  häzirki we geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.  


12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 23:48
6.2k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....