BMG 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde zähmet bazaryndaky ýagdaýyň ýaramazlaşjakdygyny çaklaýar

  • 24.05.2022 11:43
  • 10k+

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde zähmet bazaryndaky ýagdaý geçen ýylyň ahyryna garanyňda has ýaramaz boldy we ol ikinji çärýekde, aýratynam, Hytaýdaky kowida garşy çäklendirmeleriň netijesinde we Ukrainadaky wakalar sebäpli ýaramazlaşmagyny dowam eder. Şeýle çaklama bilen Halkara Zähmet Guramasy (HZG) çykyş etdi diýip, TASS habar berýär.

Onuň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde işlenen umumy iş sagady 2019-njy ýylyň dördünji çärýeginde garanyňda 3,8%  az boldy. HZG-niň çaklamasyna görä, şu ýylyň aprel – iýun aýlarynda azalma 4,2%-e ýeter, bu bolsa doly iş hakynda 123 mln iş ornunyň ýitmegine deňdir. 

“Umuman, 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde iş sagadynyň sanynyň azalmagyna garaşylýar, bu ýagdaýa Hytaýda pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça dowam edýän çäreler sebäp bolýar, ol Ukrainadaky wakalar sebäpli hasam güýçlenýär” – diýip, hünärmenler belleýär.

Hasabata görä, geçen ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde 2019-njy ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende 3,2% iş sagady az işlendi. 2022-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda ýagdaý geçen çärýek bilen deňeşdirilende ýaramazlaşdy, bu hem 2021-nji ýylda görlen ykdysady durmuşyň “dikeliş prosesinden yza çekilme” boldy.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara Zähmet Guramasy zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen halkara syýasaty işläp düzmek bilen meşgullanýar, halkara zähmet ülňülerini kesgitleýär.

düýn 22:06
290

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
3.3k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
2.5k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

düýn 19:04
3.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....