Ethereum kriptowalýutasyny döreden Buterin milliarder bolmagyny bes etdi

  • 23.05.2022 07:52
  • 22k+

2021-nji ýylyň maýynda Ethereum-y döreden Witalik Buterin iň ýaş kriptowalýuta milliarderi bolmagy başarypdy. Häzir bolsa, 2022-nji ýylyň maýynda, efiriň bahasy 1,8 müň dollara çenli aşak düşdi, şonuň üçinem ýaş ýigidiň baýlygy 850 mln dollar boldy.

Witalik Buterin öz Twitterinde milliarder derejesini ýitirendigi hakynda habar berdi. Ol ýazgysyny şeýle soňlady: "Trollar üçin şuny nygtaýan: ýok, Ethereum ýalňyşlyk bolmandy". Buteriniň twiti Teslanyň we Amazonyň esaslandyryjylary Ilon Mask bilen Jeffa Bezosyň onuň sosial torlardaky işeňňirligi barada ýazanlaryna jogap boldy. 
2021-nji ýylyň maýynda Ethereumyň bahasy birinji gezek 3000 dollardan geçdi. Şonuň  üçin 28 ýaşly Buteriniň baýlygy 1,09 mlrd boldy. Täzeligiň çap edilen pursadynda efiriň bahasy 1980 dollar töweregidi. Bu 2021-nji ýylyň iýunyndan bäri iň pes derejedir.
Diňe bir Ethereumyň däl, eýsem, beýleki kriptowalýutalaryň hem, şol sanda bitkoýnyň hem arzanlaýandygyny bellemegimiz gerek. 


06.09.2025 16:32
7.4k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.3k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...

02.04.2024 05:53
5.3k+

ABŞ-nyň kompaniýasy Ethereum-ETF spotlaryny tassyklamagyny haýyş edip döwlet düzgünleşdirijisine ýüz tutdy

Blokçeýnler üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan we MetaMask kripto gapjygyny döreden ConsenSys kompaniýasy spot Ethereum-ETF-leriň ykrar edilmek mümkinçiligine seretmek baradaky haýyş bilen ABŞ-nyň Gymmatly...

22.02.2024 18:32
4.2k+

Ethereum-yň bahasy soňky 2 ýylda ilkinji gezek 3000 dollardan gymmatlady

Ethereum (ETH)  kriptowalýuta tokeniniň bahasy, maýa goýujylaryň ululygy boýunça ikinji kriptowalýuta gyzyklanmasynyň artmagy sebäpli, soňky iki ýylda ilkinji gezek 3000 dollardan geçdi. CoinGecko-nyň maglumatlaryna...