Всемирный экономический форум начал работу в Давосе

  • 23.05.2022 07:35
  • 4k+

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä ykdysady forumy ýekşenbe güni öz işine başlady. Koronawirus pandemiýasy sebäpli Bütindünýä ykdysady forumynyň her ýylky duşuşygy 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri oflaýn görnüşde geçmändi. 

Guramaçylaryň mälim etmegine görä, şu ýyl Dawos forumyna 2 müňden gowrak adam, şol sanda 50 ýurduň ýurt baştutany gatnaşar. Dawos forumyna Awstriýanyň kansleri Karl Nehammer, Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Yragyň prezidenti Barham Saleh, Polşanyň lideri Anjeý Duda, Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç, Germaniýanyň kansleri Olaf Şols, Ermenistanyň prezidenti Waagn Haçatrýan, Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) başlygy Janni Infatino, şeýle hem NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg dagylaryň hut özleriniň gatnaşmagyna  garaşylýar. 

Bütindünýä ykdysady forumyň esaslandyryjysy Klaus Şwabyň aýtmagyna görä, Dawosdaky maý duşuşygy  - dünýäniň liderleriniň koronawirus pandemiýasy we Ukrainadaky harby hereketler netijesinde köp çaprazlykly dünýäniň kemala gelýändigi bilen  häsiýetlendirilýän täze ýagdaýda duşuşjak ilkinji sammitidir. 

Dawos forumynyň ileri tutulýan meseleleriniň arasynda bütindünýä we sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek, "ýaşyl" ykdysadyýete geçmek, dürli pudaklarda täzeçilligi girizmek we kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler hem bar.  


вчера 16:01
1.3k+

ОАЭ выходят из нефтяного альянса ОПЕК и ОПЕК+

Объединенные Арабские Эмираты с 1 мая выходят из ОПЕК и формата ОПЕК+, сообщает Reuters....

28.04.2026 22:49
1.6k+

Делегация Туркменистана участвует в Барселоне в форуме ЕЭК ООН

Делегация Туркменистана принимает участие в 10-м Международном форуме по государственно-частному партнёрству, который проходит с 27 по 29 апреля 2026 года в Барселоне....

28.04.2026 15:24
9.7k+

В Ашхабаде начали работу Туркмено-китайский бизнес-форум и выставка

Сегодня в выставочном центре Торгово-промышленной палаты в Ашхабаде стартовал Туркмено-китайский бизнес-форум и масштабная профильная выставка. Корреспондент tmcars отправился на место событий, чтобы оценить......

27.04.2026 23:33
9.9k+

Сердар Бердымухамедов провел рабочее совещание по вопросам развития регионов

​27 апреля президент Сердар Бердымухамедов провел по цифровой системе рабочее совещание с участием вице-премьера Т.Атахаллыева и хякимов велаятов. В центре внимания находились вопросы реализации сезонных......