Geçen 4 aýda Türkmenistan Hytaýa 3 milliard dollara golaý tebigy gazy eksport etdi

Geçen 4 aýda Türkmenistan Hytaýa 3 milliard dollara golaý tebigy gazy eksport etdi

Hytaý şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistandan umumy bahasy 2,87 milliard dollara deň bolan tebigy gazy satyn aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,5 esse ýokarydyr. Bu barada TASS habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Şunlukda, Türkmenistan tebigy gazy turba geçirijiler arkaly Hytaýa eksport etmekde 1-nji orunda barýar. Geçen 4 aýda 1 milliard dollardan gowrak tebigy gazy turba geçirijiler arkaly eksport edip, Russiýa 2-nji orny eýeledi. Bulardan başga-da, bu görkeziji boýunça ilkinji bäşlikde Mýanma, Gazagystan we Özbegistan bar.