Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşdy

  • 21.05.2022 06:55
  • 32k+

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.   

Döwlet Baştutany guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerini synlady. Bu merkeziň açylmagy ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny ýokary derejede abatlamakda möhüm orny eýelär. Dikuçar paýtagtymyzda täze döredilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň ýokarsyndan hem öwrüm etdi.

Hormatly Prezident şäheriň merkezi künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny, Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny, “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumynda ýerine ýetirilýän işleri synlady.

Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň, şol sanda paýtagt şäherimiziň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýändigini görkezýär. Ak mermerli Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar onuň halkara ähmiýetli işewür duşuşyklaryň we dürli çäreleriň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.    


12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
965

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......