Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

  • 17.05.2022 07:29
  • 4.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen ýyllaryň dowamynda biziň döwletlerimiziň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar işjeň ösdürildi we kämilleşdirildi. Türkmenistan iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýär” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......