Apple we Google öz dükanlaryndan 1,5 mln programmany aýrar

  • 15.05.2022 10:19
  • 7.7k+

Google we Apple kompaniýalary öz sanly dükanlaryndan Android we iOS üçin iki we ondan köp ýyl bäri täzelenmedik 1,5 milliona golaý programmany aýrar. Bu barada “The Sun” gazeti habar berýär diýip, iz.ru belleýär.

“Kompaniýalaryň ikisi hem könelişen programmalara has berk üns berip başladylar. Yzygiderli täzelenmeýän programmalar töwekgelçilikli hasaplanýar. Bu, umumy alanyňda, 1,5 million programmadyr” – diýip, neşir ýazýar.

Bellenilişi ýaly, könelişen programmalar wagtyň geçmegi bilen ýüze çykýan gowşaklyklaryň düzedilmeýändigi sebäpli döwülmäge ýakyn bolýarlar. Şeýle programmalaryň sany Google Play-da 869 müň töweregi, App Store-da bolsa, takmynan, 650 müň sanydyr. Bular, esasan, bilim mazmunly programmalar, habar beriji materiallar, şeýle-de çagalaryň arasynda has meşhur bolan oýunlardyr. 


şu gün 09:54
1k+

Galaxy Watch 8 sagatlary Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji sagatlar bolar

Samsung-yň Galaxy Watch 8 akylly sagatlary Google-yň Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji Wear OS dolandyryşly enjamlar bolar. Bu barada Android Headlines neşiri internetde peýda bolan degişli mahabat suratlaryna salgylanyp habar berýär...

düýn 17:40
2.6k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär...

02.07.2025 11:13
2.7k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär...

15.06.2025 15:34
4.6k+

Google kompaniýasy Android 16-ny resmi taýdan çykardy: smartfonlarda nämeler üýtgeýär?

Google resmi taýdan Android 16-ny çykardy. Ilki bilen bu täzelenmä Pixel 6 we Pixel 6 Pro modellerinden başlap, Pixel smartfonlary we planşetleri eýe bolar. Soňra bu enjamlaryň sanawyna Samsung ýaly beýleki brendleriň enjamlary hem goşular diýip, «Lifehacker» ýazýar...