Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady

  • 14.05.2022 09:17
  • 8.3k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Awstraliýa Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Serdar Berdimuhamedow hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Dewid Jon Hýorlä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Awstraliýa Arkalaşygynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.


düýn 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......