“Çelsi” klubuň amerikaly işewüre satylandygyny habar berdi

  • 09.05.2022 18:00
  • 15k+

Angliýanyň “Çelsi” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň amerikaly işewür Todd Bouliniň konsorsiumy tarapyndan satyn alynmagynyň şertlerini ylalaşdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Konsorsiuma “Los-Anjeles Dojers” beýsbol toparynyň we “Los-Anjeles Leýkers” basketbol klubunyň egindeş eýesi bolan Bouli hem-de şweýsariýaly milliarder Hansýorg Wiss we amerikaly işewür Mark Uolter girýär. “Çelsiniň” metbugat gullugynda bellenilişi ýaly, şertnama maý aýynyň ahyrynda tamamlanmaly.

““Çelsi” futbol kluby Todd Bouliniň, Mark Uolteriň, Hansýorg Wissiň we Clearlake Capital paýdarlar firmasynyň ýolbaşçylygyndaky täze bir topar tarapyndan klubuň satyn alynmagy üçin şertleriň ylalaşylandygyny tassyklap biler. Umumy mukdardan 2,5 mlrd funt sterling klubuň paýnamalaryny satyn almaga gönükdiriler. Bu serişdeler haýyr-sahawat maksatlaryna bagyşlamak üçin Beýik Britaniýada doňdurylan bank hasabyna geçiriler. Serişdeleri doňdurylan hasapdan geçirmek üçin Beýik Britaniýanyň hökümetiniň rugsady gerek bolar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, “Çelsi” klubuň täze eýeleriniň toparyň infrastrukturasyny ösdürmek üçin goşmaça çykdajylara 1,75 mlrd funt sterling berjekdigini habar berdi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......