Awazada dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan 1-nji sentýabr aralygynda bolar

Awazada dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan 1-nji sentýabr aralygynda bolar

Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 15-nji maýy - 1-nji sentýabry aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün eder. Bu barada degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.