Söwda ulgamyndaky parahorluklar üçin wise-premýer Gylyjowa berk käýinç berildi

  • 07.05.2022 08:04
  • 32k+

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


şu gün 16:59
1.2k+

Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi...

şu gün 16:51
611

Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýanyň ilçisi işe başlady

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi...

şu gün 16:39
675

Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen...

şu gün 16:28
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanynyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi...