ÝUNESKO boýunça milli toparyň Sekretariatynyň täze Düzgünnamasy tassyklanyldy

  • 06.05.2022 02:19
  • 4.6k+

5-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu topar BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, 1997-nji ýylda döredildi. 2020-nji ýylda onuň Düzgünnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi hem-de düzümi täzelendi. 23-nji aprelde toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda toparyň Sekretariatynyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edildi.


28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......