Mejlisde täze kanunlaryň taslamalary kabul edildi

Mejlisde täze kanunlaryň taslamalary kabul edildi

4-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on sekizinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalara laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Deputatlar gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň Administratiw  hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Çykyş edenler bu kanunçylyk resminamalarynyň kabul edilmeginiň raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, sanly ulgamyň hukuk esaslarynyň ornaşdyrylmagy üçin uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.