Mejlisde täze kanunlaryň taslamalary kabul edildi

  • 05.05.2022 08:41
  • 34959
Mejlisde täze kanunlaryň taslamalary kabul edildi

4-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on sekizinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalara laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Deputatlar gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň Administratiw  hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Çykyş edenler bu kanunçylyk resminamalarynyň kabul edilmeginiň raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, sanly ulgamyň hukuk esaslarynyň ornaşdyrylmagy üçin uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.


düýn 17:02
7413

Moskwada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň DIM-iniň ýolbaşçylary duşuşar

6-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen kärdeşi Raşid Meredowy kabul eder. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Mariýa...

düýn 16:26
3032

Türkmenistan 2022-nji ýylda Gazagystan bilen haryt dolanyşygyny 130% artdyrdy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň özara haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 128,1% artyp, 328,2 mln dollara barabar boldy. Finpom.kz portalynyň habar...

düýn 08:55
3738

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň energetika ministrini kabul etdi

30-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara...

29.11.2022 16:22
15643

Ilham Aliýew Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Atdaýewi kabul etdi

29-njy noýabrda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň söwda toplumy boýunça wise-premýeri Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Batyr Atdaýew Ilham Aliýewe Türkmenistanyň...