«Liwerpul» «Willarealy» ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

«Liwerpul» «Willarealy» ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

Iňlisleriň «Liwerpul» kluby Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşygynda ispanlaryň «Willarealyndan» üstün çykdy.

Willareal şäherinde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. «Liwerpulyň» düzüminde gollary Fabinýo (62-nji minut), Luis Dias (67) we Sadio Mane (74) geçirdi. «Willarealdan» Bulaýe Dia (3) we Fransis Koklen (41) tapawutlandy.
Bu klublaryň arasynda Liwerpulda geçirilen birinji duşuşyk iňlisleriň peýdasyna 2:0 tamamlanypdyr.
«Liwerpul» taryhynda onunjy gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykmaga hukuk gazandy. Iňlis kluby bu ýaryşda alty gezek ýeňiji bolupdy. 

Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy şu gün geçeriljek «Real» — «Mançester Siti» klublarynyň jogap duşuşygynda belli bolar (birinji oýunda iňlisler 4:3 ýeňdi).
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 28-nji maýda Fransiýada «Stad de Frans» stadionynda geçiriler.