Raşid Meredow Abu-Dabide BAE-niň wise-premýeri bilen duşuşdy

  • 02.05.2022 01:18
  • 9.1k+

Abu-Dabi şäherine saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli gepleşikleriň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn özara hereketleriň ösdürilmegine itergi berýändigi nygtaldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, maýa goýum we maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......