«SERHAT» mebel durmuşyňyzyň bezegi bolar

  • 30.04.2022 19:13
  • 11k+

2010-njy ýylda esaslandyrylan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Serhat» mebel kärhanasy halkyň dürli görnüşli, iň häzirki zaman mebellere bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Kärhana ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzda uly abraýa eýe bolan kärhanalaryň hatarynda giňden tanalýar. Bu kärhana öz öndürýän önümleriniň daşyndan Türkiýe döwletiniň ýokary hilli mebel önümlerini hem elýeterli bahadan halkymyza hödürleýär.

Kärhananyň giň saýlawa eýe bolan ýokary hilli önümleri
Kärhanada dürli ölçeglerdäki ýaşaýyş jaýlara niýetlenen spalnyý garnitur, aşhana (kuhnýa) garnitur, ýörite şertler üçin göz öňünde tutulan we her hili ölçeglerde taýýarlanan oturgyçlar, stol mebeller, çaga otaglary üçin mebeller, edara-kärhanalarda ulanylýan (ofis) mebeller, diwan, kreslolar, stellar şkaflar öndürilýär.
Bulardan başga-da, «Serhat» mebel kärhanasy tarapyndan Büzmeýin halylarynyň we Türkiýede öndürilen  halylaryň dürli görnüşleri boýunça lomaý hem-de bölekleýin söwdasy amala aşyrylýar.

Hil aýratynlygy
«Serhat» mebel kärhanasynda öndürilýän önümler berkligi, özboluşly bezegi, reňk sazlaşygy, dünýä ölçeglerine laýyklygy, ekologiýa arassalygy we döwrüň talabyna kybapdaşlygy ýaly gaýtalanmajak aýratynlyklary özünde jemleýär. Bu kärhanada her bir öndürilýän mebel döwrebap dizaýnerçilik çözgütleri esasynda taýýarlanylýar.

«Serhat-yň» müşderlere hödürleýän mümkinçilikleri
«Serhat» mebel kärhanasy ilatyň mebellere bolan isleglerini, talaplaryny ýerinde öwrenýär, has dogrusy, buýrujylaryň, müşderleriň göwün islegine laýyklykda, mebelleri öndürmegi özüniň baş maksady hasaplaýar. Kärhana özüne ýüz tutan müşderlerine mebel dünýäsinde gazanan baý tejribesine esaslanyp gymmatly maslahatlaryny berýär. Aýratyn hem öýleriň bezeg sazlaşygyny we gurluş aýratynlygyny gabat getirmek babatynda ýakyndan ýardam edýär. 

«Serhat-yň» ýerine ýetirýän hyzmatlary

  • buýurmalar esasynda ölçeglerini kabul etmek;
  • eltip we gurnap bermek işleri.

Biziň salgymyz: G.Kulyýew köçe jaý/10 MEBEL DÜNÝÄSI binasynyň 1-nji gaty
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 19 38 38; 19 42 42; +993 63 23 07 70
Elektron salgymyz: serhat.mobilya@internet.ru

Hormatly müşderler!
Howlugyň, «Serhat» mebel kärhanasynyň jana ýakymly, ajaýyp, juda owadan bezegleri özünde jemleýän we amatly bahalardaky täze görnüşli mebelleri Size garaşýar!


30.10.2025 14:54
6.3k+

Aşgabatda “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany Täze ýyl satuwyna başlady

Täze ýyl möwsümi badalga alýar. Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany işläp başlady. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş...

25.09.2025 16:19
6.1k+

“Türgen” himçistka talyplar üçin aksiýa yglan etdi: kostýum-balak, don, çabyt, ponbarhat...

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän «Türgen» himçistka talyplar üçin “5+1” aksiýasyny yglan etdi. Aksiýanyň dowamynda şol bir egin-eşikden 5 sanysyny tabşyrana 6-njy mugt arassalanyp berilýär. Ýagny, 5 sany kostýum-balak tabşyrana 6-njy mugt ýuwlup berilýär...

12.09.2025 13:02
6.7k+

“Hana” söwda merkezi öý, ofis üçin hojalyk tehnikalaryny we mebelleri hödürleýär

Aşgabatda G.Kuliýew (Obýezdnoý) köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Hana” söwda merkezi öý, ofis, bag, howly üçin niýetlenen harytlaryň giň toplumyny hödürleýär. Söwda merkezinde ýokary hilli gurluşyk harytlaryndan başlap, sargyt esasynda mebelleri, aýna-gapylary ýasap bermek ýaly hyzmatlar amatly bahadan hödürlenilýär...

04.09.2025 13:11
54k+

“Maraton” dükany 7 ýyllygy mynasybetli ähli aýakgaplaryna 40% - 50% arzanladyş aksiýasyny geçirýär

Iş, sport, gündelik gezelençler, umuman, durmuşyň ähli pursatlary üçin dünýä belli brendleriň erkeklere, aýallara we çagalara niýetlenen aýakgaplaryny hödürleýän “Maraton” dükanyna 7 ýyl dolýar. Şu mynasybetli “Maraton” dükanlarynyň ählisinde aýakgaplara uly arzanladyş aksiýalary geçirilýär...