REMEZANYŇ GADYR GIJELI GÜNLERI

REMEZANYŇ GADYR GIJELI GÜNLERI

Remezan aýynyň her güni beýleki aýlaryň günleri bilen deňeşdireniňde has sogaply hasaplanylýar. Remezanyň soňky ongünlüginde bolsa bu sogaplaryň möçberi-mukdary has-da artmak bilen bolýar. Şonuň üçin şu on günüň dowamynda ýagşy amallary öňkülerdenem artdyrmak, janyň-teniň bilen ýagşy dileg-dogalara berilmek, has köp haýyr-sahawat, sadaka bermek ündelipdir. Hassalaryň hal-ýagdaýyndan habar almak, mätäje ýardam etmek, aýat-töwirleri öwrenmek maslahat berlipdir. Çünki, ýylyň iň mübärek gijesi («mübärek» sözi «bereketli» diýmegi aňladýar) bolan Gadyr gijesi şu ongünlügiň dowamyndadyr.

Pygamberimiziň hadyslarynda: «Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň» diýendigi beýan edilýär. Ýagny, Remezanyň 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeleriniň haýsy hem bolsa biriniň Gadyr gije bolmak ähtimallygy ýokarydyr. Musulmançylykda gije gündizden öňde hasaplanylýar. Şonuň üçin «Remezanyň 27-nji gijesi» diýlende, 26-dan 27-ne geçilýän gije göz öňünde tutulýandyr. Haýsy gijäniň Gadyr gijedigini bilmek üçin şol gijäniň aýratynlygyna, alamatlaryna üns bermek gerek. Bu babatda TmCars.info saýtymyzdaky «Gadyr gijesi we onuň alamatlary» diýen makala bilen tanşyp bilersiňiz. Şol makalada hem ýatlanylmagyna görä, Ymam Şagrany hezretleri Gadyr gijesini bilmegiň özboluşly usulyny öňe sürüpdir. Onuň pikirine görä, «...Remezan aýy şenbe güni başlasa, onda şol ýyldaky Gadyr gijesi 23-nji gijedir» diýen sözler bar. Alymyň bu pikirine esaslansak, 2022-nji ýyldaky Gadyr gijesi Apreliň 23-den 24-ne geçilýän gijä gabat gelýär. Sebäbi bu ýyl Oraza apreliň 2-sine, şenbe güni başlanypdy. Remezanyň 23-nji gijesi (ýagny, 22-den 23-ne geçilýän gije) bolsa, aprel aýynyň 23-den 24-ne geçilýän gijä gabat gelýär. Anygyny Alla bilýär.