Binance hakerler tarapyndan ogurlanan 5,8 mln dollary gaýtaryp berdi

Binance hakerler tarapyndan ogurlanan 5,8 mln dollary gaýtaryp berdi

Binance kriptowalýuta biržasy Axie Infinity onlaýn-wideo oýna hüjüm edilende Demirgazyk Koreýanyň hakerleri tarapyndan ogurlanan 5,8 mln dollary gaýtaryp berdi. Bu barada anna güni Binance-niň ýolbaşçysy Çanpen Çžao habar berdi diýip, TASS aýdýar.

"KHDR-li hakerler topary şu gün Axie Infinity-den ogurlan serişdelerini yzyna geçirip ugradylar. Olaryň bir bölegi Binance gowuşdy we 86 akkaunta paýlandy. Biz 5,8 mln dollary yzyna gaýtardyk" diýip, ol Twitterde ýazdy.

Mart aýynda Axie Infinity NFT-tokenleriň esasynda onlaýn-wideo oýnuň işleýän blokçeýninde Ronin köprüsi döwüldi. Jenaýatçylara 625 mln-dan  gowrak kriptowalýutany çykarmak başartdy diýip, habar berilýär.
Waşingtonda KHDR bilen baglydyr hasaplanýan Lazarus Group hakerler toparyna garşy 15-nji martda ABŞ-da sanksiýa girizildi. Öz gezeginde ABŞ-yň Federal derňewler býurosy Lazarus Group-y we ýene bir АРТЗ hakerler toparyny Ethereum-yň 620 mln dollar möçberindäki kriptowalýutasynyň ogrulygyna dahylly diýip yglan etdi.