«Rysgally zähmet» «Türkmen aýna önümleriniň» täze önümhanasyny gurar

  • 24.04.2022 01:04
  • 9.1k+

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň çäginde bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň teklibi saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de zerur gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda aýna önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......