Aşgabada ýene bir halkara güwänama berildi

  • 23.04.2022 09:57
  • 19k+

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi. Bu baradaky BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habary 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyç Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edildi. Bu başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine berlen halkara güwänama BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan gelip gowuşdy.

Döwlet Baştutany şatlykly waka bilen türkmenistanlylary tüýs ýürekden gutlap, köp ýyllaryň dowamynda hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň  başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini, bu işiň ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün edendigini, sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna ýardam berendigini nygtady.


23.06.2026 19:04
7.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

22.06.2026 00:57
5.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......