Netflix-iň paýnamalary 200 müň abunaçyny ýitirmegi sebäpli 25% pese gaçdy

Netflix-iň paýnamalary 200 müň abunaçyny ýitirmegi sebäpli 25% pese gaçdy

Netflix amerikan striming hyzmatynyň paýnamalary kompaniýanyň geçen çärýek Russiýadan gidenden soň tölegli abunaçylarynyň rekord sanyny ýitirendigini habar berenden soň, 25,7 göterim pese gaçdy. Bu maglumatlar kompaniýanyň metbugat relizinden we söwda maglumatlaryndan gelip çykýar.

Şeýlelikde, şu ýylyň birinji çärýeginde Netflix-iň abunaçylarynyň sany (täze goşulanlary hem hasaba almak bilen) 221,64 milliona barabar boldy – bu 2021-nji ýylyň dördünji çärýegine garanyňda 200 müň azdyr. Şeýle pese düşme 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hasaba alynýar. 

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Russiýada serwisiň ýapylmagy 700 müň abunaçynyň ýitmegine sebäp boldy. Ikinji çärýegiň ahyrynda bolsa azalmanyň iki million bolup biljekdigi çaklanylýar.

Maliýe hasabatynda bellenilişi ýaly, Netflix-iň arassa çärýek girdejisi ýyllyk aňlatmasynda 6,4 göterim azalyp, 1,597 mlrd dollar boldy. Her paýnama üçin azaldylan arassa girdeji 3,53 dollar boldy (bir ýyl ozalky 3,75 dollara garşy). Girdeji 7,868 mlrd dollar boldy – ýyllyk aňlatmasynda ol 9,8 göterim ýokarlandy.