Hyundai sürüjiniň gözüni skaner etmäge patent aldy

  • 22.04.2022 16:02
  • 8.6k+

Eýýäm şu wagt käbir ulaglar sürüjini barmak yzyndan tanamak ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar. Meselem, Toyota Land Cruiser 300-iň täze neslinde we Genesis GV70 krossowerinde şeýle opsiýa bar. Ýöne Hyundai has ileri gitmegi ýüregine düwdi we ABŞ-da sürüjiniň gözüniň nemli bardasyny skaner etmäge mümkinçilik berýän ulgama patent aldylar diýip, The Drive neşiri habar berýär.

Gözüň nemli bardasy gaýtalanmasyz hasaplanýar (emma nazaryýetde gabat gelme bolup biler). Ýöne, barmak yzynyň skanerinden tapawutlylykda, munda tanamaklygy galtaşmazdan edip bolar - mysal üçin, sürüjä panele seretmek ýeterlik, şundan soň ulag eýesini tanap, hereketlendirijini işleder.
Dogry, bärden gaýdýan bir ýeri hem bar - ulagyny otlamazdan ozal sürüji, mysal üçin, Günden goraýan äýnegini çykarmaly bolar. Ýöne pikirlenseň, bu kyn işem däl. Aýratynam, şu ulgam arkaly ulagyň alnyp gaçylmadan goraglylygy ýokary bolar.
Ozal Hyundai-iň sürüjini ýüzünden tanamak ulgamyny işläp taýýarlandygyny bellemek gerek. Täze Face Connect tehnologiýasyny, ilki bilen, baýraklyk Genesis  ulaglaryna goýmakdan başlarlar.


11.03.2026 17:18
2.3k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

06.03.2026 11:57
1.2k+

Hyundai awtoulaglaryndaky nawigasiýa kartalarynyň täzelenmesini çaltlaşdyrar

Hyundai kompaniýasy awtoulaglardaky nawigasiýa kartalaryny ýüklemek ulgamyny döwrebaplaşdyrýar. Indi "Connected Car Navigation Cockpit" (ccNC) multimedia platformasy bolan awtoulaglar täzelenmeleri has çalt we awtomatiki usulda, sürüjiniň hiç hili gatnaşmagy gerekmezden alyp bilerler...

05.03.2026 20:55
6.7k+

«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» (World Car of the Year) bäsleşiginiň emin agzalary her kategoriýa boýunça finala çykan modelleri mälim etdiler. Birnäçe ugurda ýeňiş gazanmaga esasanam BMW we Hyundai markalarynyň awtoulaglary dalaş edýärler...

04.03.2026 09:17
5.6k+

Hyundai Elantra 2027 bütinleý täzelenip, sanly çözgütler bilen çykar

Hyundai Elantra sedanynyň sekizinji nesli 2027-nji ýylyň başynda bazara çykmaga taýýarlanýar. Bu model öz segmentinde iň ýokary tehnologiýaly we estetiki taýdan kämil awtomobilleriň biri bolmaga dalaş edýär. Ulagyň suratlaryny Carscoops neşiri paýlaşdy...