Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIII mejlisi geljek ýyl Aşgabatda geçiriler

  • 21.04.2022 08:52
  • 4.3k+

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi.

Resminamalara laýyklykda:

  • Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna daşary ýurtlaryň degişli raýatlaryny kabul etmek;
  • Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň degişli raýatlaryny kabul etmek;
  • Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIII mejlisini 2023-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

şu gün 16:04
4.7k+

Türkmenistanda KHBS-de we internetde galp mahabat üçin täze jerimeler güýje girýär

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda galp mahabat maglumatlarynyň berilmegi üçin jogapkärçiligi güýçlendirýän täze kanunçylyk kadalary güýje girýär. Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky......

düýn 17:34
4k+

Amyderýadan Aşgabada: ýaş tebigatçylar üçin ekologiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin okuw maslahaty......

düýn 14:54
2.9k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......

düýn 11:25
7k+

«Türkmenfilm» «TÜRKSOÝ-yň» Molla Nasreddin hakyndaky filmini düşürmäge ýardam berdi

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda surata düşürilýän «Molla Nasreddin — kyn günleriň dosty» atly halkara çeper filminiň surata düşüriş meýdançalarynyň birine öwrüldi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr»......