L'Equipe: «PSŽ» Messiden galan argentinaly oýunçylaryny aýyrmak isleýär

  • 20.04.2022 14:13
  • 15k+

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby indiki möwsümde argentinaly oýunçylar Mauro Ikardi, Anhel Di Mariýa we Leandro Paredes bilen aýrylyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada “L’Equipe” neşirine salgylanyp, “Marca” habar berýär.

34 ýaşly Di Mariýanyň şertnamasy indiki ýylyň iýun aýynda tamamlanýar we Parižiň kluby onuň möhletini uzaltmagy meýilleşdirmeýär.
“PSŽ” Paredes bilen Ikardini satmak isleýär. Bellenilişi ýaly, oýunçylaryň ikisiniň hem uly şertnamasy bolup, olar kluby mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamasyna goşulmaýar. Eger futbolçylary satmak başartmasa, klub olary kärendä berip biler. 27 ýaşly Paredesiň şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylyň iýun aýynda, Ikardiniňki 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanýar.
Di Mariýa “PSŽ-de” 2015-nji ýyldan bäri oýnaýar, häzirki möwsümde ol 25 oýna gatnaşyp, 3 gol geçirdi. Paredes bu klub üçin 2019-njy ýyldan bäri çykyş edýär, häzirki möwsümde onuň hasabynda 15 oýunda bir gol bar. 29 ýaşly Ikardi topara 2020-nji ýylda goşuldy we häzirki möwsümde ol 30 oýna gatnaşyp, bäş gol geçirdi. 


düýn 18:26
2.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
4.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6.1k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......